Myradowa G.B, Esenowa O.J., 9 страница

Hazirki zaman halkara gatnaşyklary geçis döwrüni başdan geçirŷär. Çünki bütin dünŷä boŷunça birek-birege garşy durmak liniŷasyndan (ol bolsa ŷadro ŷaragly döwletleri birinji nobatda göz öňüne tutulŷar) täze ylalaşyga we hyzmatdaşlyga daŷanŷan dünŷä tertibine geçmek amala aşyrylŷar. Elbetde bu aňsat mesele däl Durnuklylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün edilmegi boŷunça H.G-nyň döwrebap mehanizleriniň kemala gelmek prosesi dowam edŷär.

Häzirki döwrüň H.G-ry dünŷä jemgyŷetçiligine girŷän ŷurtlaryň özara baglanyşygynyň düŷpli ösŷänligi bilen häsiŷetlendirilŷär. Munuň özi adamzadyň progresine, onuň ŷok bolup gitmezligini diňe bilelikdäki tagallalar bilen üpjün edip boljakdygy bilen şertlendirilŷär. Täze halkara tetip-düzgüni aşakdaky prinsiplere esaslanmalydyr:

- demokratiŷalaşdyrmak,

- ŷaragsyzlanmak,

- hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň her bir döwletiň mümkinçiliklerine we möçberine garamazdan deň hukuklylyk esasynda guralmagy.

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky orny: Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, özboluşly daşary syýasatyny ýöretmäge girişdi. Ol ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alyp, dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar açmaklyga ýykgyn edýänligini äşgär edip, “açyk gapylar” syýasatyny ýöredip başlady. Garaşsyzlygyny alandan soň Türkmenistan abraŷly halkara guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna 1992-nji ŷylyň 2-nji martynda kabul edildi. Biraz soňra Türkmenistan özüniň hoşniýetli bitaraplyk ýörelgesine eýermek isleýänligini yglan edip, öz daşary syýasatyny hut şu esaslarda amala aşyrmaga girişdi. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-ne dünýäniň şol wagt agzasy bolup durýan 185 sany döwletiniň ählisiniň biragyzdan ses bermegi netijesinde kabul edilen çözgüdi esasynda resmi taýdan ykrar edildi“. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan BMG tarapyndan dünýäde ilkiniji ykrar edilen bitarap döwletdir. Bu taryhy wakanyň yzysüre, has takygy, 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-de Türkmenistanyň mejlisi tarapyndan «Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Baş ýörelgeleri» atly resminama kabul edildi. Bu resminama laýyklykda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

- “Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlygyny gorap saklamak we pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda onuň täsiriniň we ähmiýetiniň artmagy;

- döwletiň içerki ösüşi üçin mümkingadar amatly daşary syŷasy şertleri döretmek;

- Türkmenistanyň milli bähbitlerini diplomatik gatnaşyklaryň halkara tejribesinde toplanylan ähli görnüşlerinde goramak we durmuşa geçirmek;

- Türkmenistanyň howpsuzlygyny syŷasy, diplomatik serişdeler bilen üpjün etmek;

- ähli daşary ŷurtly hyzmatdaşlar bilen iş bähbitli birek-birege peŷdaly hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk we birek-birege sarpa goŷmaklyk esasynda ösdürmek;

- Türkmenistanyň daşary syŷasat babatdaky hereketleriniň halkara hukugyna we BMG-niň Tertipnamasyna doly laŷyk gelmegini üpjün etmek“.

Bitarap Türkmenistan halkara hukugynyň deňhukukly subýekti bolmak bilen halkara gatnaşyklaryny giňişleýin ýola goýmaklyga girişdi. Bu prosese döwletiň bitaraplyk statusy aýratyn depgin berdi. Taryhy nukdaýnazardan garanyňda, örän az möhletde Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda öz mynasyp ornuny eýelemekligiň hötdesinden geldi.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň 120-den gowrak döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklar saklaýar. Ol 40-dan gowrak halkara guramalarynyň agzasydyr. Türkmenistanyň diplomatik ilçihanalary we konsullyk gulluklary dünýäniň 30-a golaý döwletinde hereket edýär. Türkmenistanda daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň 30-dan gowragynyň wekilhanalary akkreditasiýa edildi. Halkara guramalarynyň birnäçesinde Türkmenistanyň wekilleri işleýär.

Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýörelgesini iş ýüzünde giňişleýin ulanýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Gazagystan, Eýran, Özbegistan, Türkiýe, Hytaý, Hindistan, Päkistan, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Ukraina, Belarus, Birleşen Arap Emirlikleri, Germaniŷa, Italiŷa, Ŷaponiŷa, ýaly döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mizemez binýady döredildi. Umuman alnanda, ikitaraplaýyn esasda şertnamalaryň we ylalaşyklaryň 1600-den gowragy baglaşyldy. Türkmenistan öz ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň taraplaryň ikisi üçin hem deň derejede bähbitli bolmagy ugrunda çalyşýar, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň özara bähbitleri göz öňünde tutmaklyk esasynda baglaşylmagyny goldaýar. Bu ýörelge ykdysady gatnaşyklar babatynda Türkmenistanyň iň esasy ýörelgesidir. Türkmenistan şeŷle-de daşary syŷasatynda ynsanperwer gatnaşyklaryny hem ŷola goŷŷar.

4. Halkara konflikti, onuň manysy, dünŷä syŷasatyndaky orny we roly.

Mälim bolşy ŷaly konflikt bu taraplaryň arasynda gapma-garşylylykly özara bähbitleriň, pikirleriň, garaŷyşlaryň, pozisiŷalaryň çaknyşmagydyr. Iki taraplaŷyn, üç taraplaŷyn ŷa-da köp taraplaŷyn gatnaşyklaryň arasynda ŷüze çykŷan düŷpli agzalalyk, adatdan daşary çylşyrymly ŷagdaŷlar we söweş (uruş) howpuny salŷan jedeldir.

Halkara konflikti halkara syŷasy gatnaşyklaryň aktual meseleleriniň biridir. Halkara konflikti diňe bir nazary taŷdan esasy mesele bolman eŷsem amaly taŷdan hem möhüm meseledir. Bilişimz ŷaly taryhyň dowamynda ŷurtlaryň we döwletleriň arasynda ŷüze çykan dürli dawa-jenjeller (konfliktler) umumadamzat jemgyŷetçiliginiň ösüşi bilen birlikde dowam edip gelendir. Şol sebäpli ŷurtlaryň arasyndaky konfliktiň bahasy (ähmiŷeti) adamzat nesli üçin ŷeterlik derejede zyŷany ŷokarydyr. Ahli konfliktler bular ŷaly elhençlige eltmän biler, ŷöne onuň howpunyň güŷjemegi esasynda islendik wagtda urşuň döremegine getirip biler. Muny göz öňüne tutsak dünŷa syŷasatynda şuňa meňzeş konfliktleriň çözgüdini tapmaklyk hem-de onuň tutŷan ornuny wezipesini (roluny) düşunmeklik üçin halkara konfliktine nazary taŷdan akyl ŷetirmek örboŷuna galŷar.

Käbir syŷasaty öwrenijiler halkara sistemasynda halkara konfliktleri bidüzgünçilik hadysalary hökmünde görŷärler. Ŷagny halkara syŷasy gatnaşyklaryň kadaly alnyp barylŷan ylalaşykly hereketiniň bozulyşy ŷaly.

Dürli-dürli döwletleriň arasynda wagtal-wagtal konfliktleriň ŷüze çykyşyna görä, syŷasy ŷagdaŷ dowam edŷär. Elbetde bu ŷerde halkara konfliktleriň döreŷşi barad sorag ŷüze çykyp biler. Günbatar syŷasatynda halkaryň arasyndaky konfliktiň döremegine eltŷän birnäçe esasy sebäpler bar. Mysal üçin ŷarag meselesi sebäpli ŷüze çykŷan kofliktler, krizisiň ösüşi sebäpli ŷüze çykŷan meseleler. Bular esasan döwletleriň aŷratyn milli bähbitlerini öňe sürmegi netijesinde ŷüze çykŷar. Marksistik taglymatynda bolsa millilik häsiŷeti kabul edilmeŷär, olar synplaryň bähbitlerine daŷanŷandyrlar.

Halkara konfliktleriniň has umumy sebäpleriniň biri hem ideologik göreşiň alnyp barylmagy, erkin pikiriň ŷaŷradylmagynyň ŷolunda mälim bolan päsgelçilikler mejbury hereketlere mümkinçilik döredŷär. Ŷaňky aydylan beŷanatlar II jahan urşy tamamlanandan soň Dünŷäniň bir-birine gapma-garşylykly iki syŷasy ulgama bölünen döwründe ŷüze çykan şertlerdir.

Halkara konflitleriň görnüşleri: Islendik halkarakonfliktiň öz belli bir wagty bardyr. Ŷagny halkara konflikt belli bir wagtda döreŷär, yzygiderli bolup geçŷan ösüş döwri bolŷar we özüniň logiki tamamlaŷjy döwri bolŷar.

Kanadaly syŷasatçylar, halkara konfliktiň ösüş hereketiniň görnüşine we ŷokary derejelilgine baglylykda 7-ä bölŷärler. Bulara gönükdirmek, garşy durmak, duşmançylyk, biri-brinden daşalaşdyrmak, egilişik, düzgüne salmak, hyzmatdaşlyk görnüşleri degişlidir. Şonuň birlikde ŷaňky aŷdylanlar döwletleriň ŷa-da ŷurtlaryň arasyndaky ŷüze çykan ŷagdaŷlary aŷdyňlaşdyrŷarlar.

Krizis üçe bölünŷär. a) krizis ŷüze çykmazyndan öňündäki ŷagdaŷ, b) krizisiň dowam edŷän wagty, ç) krizisden soňky ŷagdaŷlar. Konfliktiň ŷaŷbaňlandyrylan ŷagdaŷy hem üç görnüşe eŷedir. 1) mobilizasiŷa (harby ŷagdaŷa geçirme) 2)goşulyşmak 3) jezalandyrmak (temmi bermek) ŷaly fiziki hereketleri öz içine alŷar. Werbalnyŷ (dilden aŷdylan) hereketleriň görnüşleri: haŷbat atmak (угроза), ŷaramaz endikler (негативное повидение). Neŷtralnyŷ (oňyn) ŷagdaŷ konfliktiň ösüşini aradan aŷyrmak üçin esasan konsultasiŷa we kommentariŷalara daŷanŷardyr. Hereketiň ŷene bir görnüşi bolsa krizisiň we konfliktiň ösüşini aradan aŷrmak üçin – hyzmatdaşlyk etmek- demoblizasiŷa (parahatçylyk halyna geçirmek), boŷun alan sözüňi ŷerine ŷetirmek, öwezini dolmak, ŷaraşyga çagyrmak, ylalaşmak eglişik etmek ŷaly ŷokary hilli fiziki häsiŷetleriň elemnetlerini öz içine alŷar. Esasan üç sany aŷratyn hereketler bardyr: Olar: a)Konfliktnyŷ, b)neŷtralnyŷ, ç)kooperatiwnyŷ görnüşlere eŷedir. a) Konfliktnyŷ hereket: obŷekte duşmançylyk hereketi gönükdimek. b) Neytralnyŷ hereket: konflikte gatnaşyjylayryň arsyndaky iki tarapyň hem hereketini goldamak. ç) Kooperatiwnyŷ hereket: hereket edŷän obŷekti pozitiw hasiŷetli hökmünde görmek.

EDEBIÝAT

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. – Aşgabat, 2007.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Tűrkmenistanda saglygy goraýşy ösdűrmegiň ylmy esaslary. – Aşgabat, 2007.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy täzeden galkyndyrmak baradaky syýasaty. – Aşgabat, 2007.

4. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy. – Aşgabat, 2007.

5. Gurbanguly Berdimuhamedow. Eserler ýygyndysy. – Aşgabat, 2007.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehaly. – Aşgabat, 2007.

7. Gurbanguly Berdimuhamedow – Halkyň saýlany we ynam bildireni. Aşgabat, 2007

8. Gurbanguly Berdimuhamedow. Täze galkynyş eýýamy: wakalaryň senenamasy. 2007 ýyl. – Aşgabat, 2008.

9. Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet adam űçindir. – Aşgabat, 2008

10. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ahalteke bedewi – bizin buýsanjymyz we şöhratymyz. – Aşgabat, 2008.

11. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 1-nji tom. – Aşgabat, 2008.

12. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 2-nji tom. – Aşgabat, 2009.

13. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. – Aşgabat, 2008.

14. “Türkmenistany durmuş, ykdysady we medeni taýdan özgertmeleriň 2020-nji ýyla çenli Baş Ugry” Milli maksatnamasy. – Aşgabat, 2003.

15. Борисов Л.П. Краткие очерки истории политических учений. Древний мир. Эпоха просвещения. Учебное пособие. – М., 1996.

16. Борисов Л.П. Политология Учебное пособие. – М., 1996.

17. Введение в политологию. Словарь – справочник. (Под ред. В.П.Пугачёвa). – М., 1996.

18. Глухова А.В. Типология политических конфликтов. Воронеж, 1997.

19. Демидов А.И. Малько А.В. Политология в вопросах и ответах. Учебно-метод пособие. – М., 1998.

20. Мухаев Р.Т. Учебник по политологии. – М.,1997.

21. Мальцев В.А. Основы политологии. – М.,1998.

22. Основы политологии. Курс лекций. (Под ред. В.П. Пугачёва). – М., 1992.

23. Политические системы современности. – М., 1997.

24. Политология. (Под. ред. Марченко М.Н.) – М., 2000.

25. Пугачёв В.П., Соловёв А.И.. Введение в политологию. – М., 2002.

26. Политология. Краткий энцеклопед. словарь-справочник. – Ростов на Дону, 1997.

27. Панарин А.С. Политология. Учебное пособие. – М., 2000.

28. Панарин А.С. Философия политики. – М., 1997.

29. Политология. (Отв. ред. В.Д.Переваков) – М., 2002.

30. Российская политология. (Под.ред. Симуш Р.И.) – М., 1995.

31. Справочник стран мира. – М., 1997.

32. Фaрукшин М.Х. Политическая система общества, социально-политические науки. 1991.


Понравилась статья? Добавь ее в закладку (CTRL+D) и не забудь поделиться с друзьями:  



double arrow
Сейчас читают про: