Mugallym: R. Mahmatkulowa

Okuw işleri boýunça orunbasar:      ________________

 

Senesi:          7 “A” ____________                7 “B” _____________

Sapagyň temasy: Guşlaryň içki gurluşy.Guşlaryň uçuş bilen baglanyşykly madda çalşygynda we dem alşyndaky aýratynlyklary.

Sapagyň maksady: Guşlaryň içki gurluşy.Guşlaryň uçuş bilen baglanyşykly madda çalşygynda we dem alşyndaky aýratynlyklary  barada düşünje bermek

                                                      

b)Okuwçylarda haýwanat dünýäsine söýgi döretmek 

Sapagyň esbaby:  Suratlar, soragnamalar.

Sapagyň görnüşi: Garyşyk.

                                                    Sapagyň gidişi:

1. Guramaçylyk döwri:

                                    a) Synpy sapaga taýýarlamak.

                                    b) Synpyň gatnaşygyny almak.

                                    ç) Syýasy wakalar billen tanyşmak.

2. Öý işini soramak.

a) Geçilen temany soramak;

b) Geçilen tema boýunça sorag-jogap alyşmak;

                                                    7 “A”

1. Guşuň ganatynyň skeleti nämelerden ybaradyr?

2. Guşlar şahalaryň üstünde oturan ýa-da uklan wagtynda näme üçin ýere gaçmaýar?                                 7 “B”

1.Gögerçiniň skeletiniň esasy aýratylyklary näme?   

2.Guşuň ganat skeletiniň haýsy myşsalary aýratyn güýçli ösen?

                                                                                 

1.Döş süňküniň gerşiniň nähili ähmiýeti bar?

2.Yzky aýaklarynyň süňkinämelerden ybarat?

3.Öý işini berkitmek:

4. Täze tema: Guşlaryň garyn boşlugy döş kapasasy we ýasy guýmaç süňkleri bilen goralan bolup, beden boşlugynda içki synalar ýerleşendir.Guşlarda öýkenden başga-da howa haltajyklary bolýar.Olar synalarynyň aralaryndaky boşluklarda ýerleşip,öýkenler bilen birleşendir.Guş dynç mahalynda döş kapasasyny ýygryp-ýazyp dem alýar.Uçýan wagty,ýagny ganatlar hereketdekä howa haltalary ýygrylýarlar we giňelýärler.Olardaky howa öýkeniň üstünden geçýär. Şoňa görä-de, ganatlar çalt işlenilende howa çalyşmasy tiz bolup geçýär.Mysal üçin guş dynç ýagdaýdaka bir minutda 26 gezek, uçuşda bolsa 400 gezek dem alýar. Mundan başga-da howa guşuň bedenini sowadyp, artykmaç gyzmakdan goraýar. Ýürekde iki sany Ýüregöňi kapasa we iki sany garynjyk bolýar.Gan aýlanyş ulgamy dört kameraly ýürekden we gan aýlanyşynyň iki aýlawyndan durýar.

5. Geçilen temany berkitmek:

a) tema degişli sorag –jogap alyşmak:

                                                         7 “A”

1. Näme üçin guşlar uçuşda demigmeýärler?

2. Guşlar ýaga çalt gelerlermi?

                                                         7 “B”

1.Uçup gelýän guşlaryň sany artýarmy?

2. Guşlar uçuşda näçe gezek dem alýar?

                                                          

1. Guşlaryň görüjiligi äçe esse ýitidir?

2. Guşlaryň iýmit siňdirişi näçe wagtda bolup geçýär?

b) suratlar boýunça işlemek;

6. Öý işini tabşyrmak:

&:     sahypa:                    surat:

7.Sapagy jemlemek:

a) geçilen tema boýunça okuwçylaryň düşünmedik ýerleriniň öwezini doldurmak;

b) okuwçylary bahalandyrmak;Barlandy:

Mugallym: R. Mahmatkulowa

Okuw işleri boýunça orunbasar:      ________________

 

Senesi:          7 “A ” ______________         7 “B” ____________

Sapagyň temasy: Guşlaryň özüni alyp barşynda duýgy organlarynyň we nerw ulgamynyň çylşyrymlaşmasy

Sapagyň maksady: Guşlaryň özüni alyp barşynda duýgy organlarynyň we nerw ulgamynyň çylşyrymlaşmasy barada düşünje bermek.

b)Okuwçylarda haýwanat dünýäsine söýgi döretmek 

Sapagyň esbaby:  Suratlar, soragnamalar.

Sapagyň görnüşi: Garyşyk.

                                                    Sapagyň gidişi:

1. Guramaçylyk döwri:

                                    a) Synpy sapaga taýýarlamak.

                                    b) Synpyň gatnaşygyny almak.

                                    ç) Syýasy wakalar billen tanyşmak.

2. Öý işini soramak.

a) Geçilen temany soramak;

b) Geçilen tema boýunça sorag-jogap alyşmak;

                                                         7 “A”

1. Näme üçin guşlar uçuşda demigmeýärler?

2. Guşlar ýaga çalt gelerlermi?

                                                         7 “B”

1.Uçup gelýän guşlaryň sany artýarmy?

2. Guşlar uçuşda näçe gezek dem alýar?

 

1. Guşlaryň görüjiligi äçe esse ýitidir?

2. Guşlaryň iýmit siňdirişi näçe wagtda bolup geçýär?

 

3.Öý işini berkitmek:

4. Täze tema: Guşlaryň görüş synasy örän ösendir.Guşlar howada çalt uçýan wagtlary gözleri bilen uzak aralyklary görýärler. Käbir guşlaryň görüjiligi adamlaryň görüjiligine garanda 100 esse dagy ýitidir. Guşlarda reňkleri saýgarmak beýleki haýwanlara garanda has ösendir.

  Guşlar eşitgir bolýarlar, ýöne olaryň ys alyjylygy gowşakdyr. Kelle beýnisinde orta beýniniň görüş tümmüjikleri oňat ösendir. Guşlaryň beýnijigi beýleki oňurgalylaryňka garanda ep-esli uludyr. Ol hereketleri sazlaýjy merkez hasaplanylýar.

       Guşlar ýaşaýyş döwründe barha köp sanly şertli refleksler döredýärler. Ýaşajyk guşlaryň adamdan,köplenç,gorkmaýandyklaryny,

Ulaldyklaryça bolsa olaryň adamlaran seresaplyrak bolýandyklaryny muňa mysal getirmek bolýar.Öýdeçi we eldekileşdirilen guşlar özlerini iýmleýän adamlar bilen tiz öwrenişýärler

5. Geçilen temany berkitmek:

a) tema degişli sorag –jogap alyşmak:

b) suratlar boýunça işlemek;

                                                         7 “A”

1. Näme üçin guşlar uçuşda demigmeýärler?

2. Guşlar ýaga çalt gelerlermi?

                                                         7 “B”

1.Uçup gelýän guşlaryň sany artýarmy?

2. Guşlar uçuşda näçe gezek dem alýar?

 

1. Guşlaryň görüjiligi äçe esse ýitidir?

2. Guşlaryň iýmit siňdirişi näçe wagtda bolup geçýär?

6. Öý işini tabşyrmak:

&:     sahypa:                    surat:

7.Sapagy jemlemek:

a) geçilen tema boýunça okuwçylaryň düşünmedik ýerleriniň öwezini doldurmak;

b) okuwçylary bahalandyrmak;        


Понравилась статья? Добавь ее в закладку (CTRL+D) и не забудь поделиться с друзьями:  



double arrow
Сейчас читают про: